Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukrain oppozisiýasy proteste toplanýar


Ukrain oppozisýasy goldawçylaryny ýekşenbe güni Kiýewde uly ýygnanyşyk geçirmäge çagyrdy.

Oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko ukrian halky, özlerine garşy zorluk ulanylandygyna garamazdan, özleriniň syýasy özgerişlik baradaky isleglerini görkezmengi başardylar diýdi.

Şenbe güni Mýunhendäki howpsuzlyk konferensiýasynda çykyp gürlän Kliçko günbatardaky ukrain dostlaryny Ukrainanyň demokratik hereketiniň üstünlikli bolmagyna kömek etmäge çagyrdy.

Şeýle-de ol oppozisiýanyň dartgynlyklary azaltmak maksadyndan ugur alýandygyny aýtdy we häkimiýetleri protestçileriň garşysyna zorluk we terror çärelerini ulanmazlyga çagyrdy.

Ukrainanyň daşary işler ministri Leonid Kožara ähli ukrainalynyň protestçileri goldamaýandygyny, şol sanda ýurduň 8 million çemesi etniki rus raýatlarynyň olaryň tarapynda däldigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG