Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Assad garşydaşlaryny aç burýar diýýär


Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Damasky öz garşydaşlaryny, Homs ýaly hökümet goşuny tarapyndan gabalan şäherlere ynsanperwer kömegini geçirmezlik bilen, aç surnukdyrmak strategiýasyny ulanmakda aýyplady.

Dawutoglu ýekşenbe güni Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda çykyp gürledi. Ol BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini Siriýanyň prezidenti Başar al-Assaddan ýurduň konfliktli ýerleriniň ählisine halkara ynsanperwer kömeginiň eltilmegine ýol bermegi talap etmäge çagyrdy.

Mundan başga, Dawutoglu Howpsuzlyk geňeşini Assad režiminden geçiş hökümetini dörtemegi talap etmek barada karara gelmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG