Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Eýranyň ministri bilen duşuşdy


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri, Tähran bilen dünýä döwletleriniň wekilleriniň arasyndaky gepleşikleriň nobatdaky tapgyry barada maslahatlaşmak üçin, Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşdy.

Kerri Zarif bilen Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynyň geçýän ýerinde duşuşdy.

Döwlet departamentiniň ady aýdylmaýan resmisiniň sözlerine görä, Kerri, ýadro programmasy baradaky gürrüňler dowam edýän wagtynda, Birleşen Ştatlaryň bar bolan sanksiýalaryň amal edimegini dowam etdirjegini açyk aýdypdyr.

Eýran bilen gepleşikleriň indiki tapgyry 18-nji fewralda, Wenada geçirilmeli.
XS
SM
MD
LG