Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa: gar ýollary baglady


Adatdan daşary ýagdaý gulluklary ýolda, agyr garda galan ulaglarda müň çemesi adama kömege ýetişdi.

Demirgazyk Serbiýada agyr düşen gar ýollary bekledi. Döwlet demir ýol kompaniýasy gar basan ýolda galan iki otlynyň ýolagçylaryny ewakuasiýa etmeli bolandygyny aýtdy.

Resmiler şenbe güni, gaý-tupanly gar sebäpli, Wengriýa bilen aradaky esasy serhet geçelgelerini ýapmaly bolandyklaryny aýtdylar.

Ýeliň tizliginiň sagatda 160 km barabardygy aýdylýar we bu ýagdaý käbir ýerlerde 3.5 metr beýiklikdäki gar üýşmeklerini döretdi.
XS
SM
MD
LG