Sepleriň elýeterliligi

Eziş: Soçiniň talanan migrantlary


Soçide awtobusa garaşýan işçiler.10-njy fewarl, 2013.

Soçide awtobusa garaşýan işçiler.10-njy fewarl, 2013.

Müňlerçe işçi, Olimpiýa oýunlary üçin görülýän taýýarlyklar mahalynda gazanç etmek umydy bilen, Soçi şäherine döküldi. Ýöne şäherdäki gurluşyklaryň bir topar bulam-bujarlyk bilen utgaşmagy wagtlaýyn firmalara bu ýagdaýdan özleriçe peýdalanmaga we işçileri talamaga uly mümkinçilik döretdi.

Ýewgeniý Podrezow üzüp bilmedik bergi-borçlary we nagt pul ýetmezçiligi zerarly mundan iki ýyl ozal öz dogduk mekany Rostowy terk edip, Olimpiýa şäherçesiniň gurluşyklarynda işlemek üçin Soçä gelipdir.

Ýöne pul gazanmak üçin gowy mümkinçilik ýaly bolup görnen ýagdaý ony has kän bergi-borja batyrdy. Sebäbi 28 ýaşly Podrezowa hiç haçan zähmet haky tölenmändir. Podrezow bu ýagdaý bilen näçe içgin gyzyklanyp, aýlygyny almaga synanyşdygyça, şonça kän geň-taňlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr.

Podrezowyň işlän hususy gurluşyk kompaniýasy birden, gümürtik bir görnüşde ýapylýar. Aýdylmagyna görä, bu kompaniýa Tomskda hasaba alnan bolmaly. Mundan başga, kompaniýanyň baş direktory diýip özüni tanadan adam hem araçy bolup çykýar. Ýöne soň ol hem ýitirim bolýar.

108 işçiniň aýlygy

Ýapylan kompaniýanyň bir ýüz sekiz adamdan ybarat gurluşykçy işgärleriniň ählisi häzir birmeňzeş ýagdaýy başdan geçirýär. Podrezowyň sözlerine görä, umumylykda aýdylanda kompaniýanyň resmileri bu işgärleriň ählisine 3,5 million rubl, ýagny 106 müň amerikan dollary tölemeli.

Orenburgly beýleki bir işçi Roman Kuznetsow bolsa, tölenmedik zähmet haky sebäpli gaty çykgynsyz ýagdaýa düşüp, protest çäresi hökmünde, oktýabr aýynda agzyny tikipdi.

Bular ýaly ýagdaýlara Soçide geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna görülýän howul-hara taýýarlyklarda köp duş gelinýär. Ägirt uly möçberde nagt pul goýberilen gurluşyklar wagtlaýyn firmalaryň emele gelen bulaşykdan galp peýdalanmagy we öz işçilerini talamagy üçin görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri döretdi.

Russiýanyň dürli künjeklerinden we goňşy ýurtlardan toplanan on müňlerçe migrant işçi, Olimpiýa gurluşyk desgalarynda gazanç etmek üçin, Soçi şäherine bardy. Olaryň müňlerçesi jenaýatçylygyň we korrupsiýanyň pidasy boldy.

Deportasiýa gorkusy

Işçileriň käbiri Podrezow we Kuznetsow ýaly asly russiýaly raýatlar. Ýöne, synçylaryň aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän işçileriň köpüsi daşary ýurtly migrantlar bolup, olara diňe zähmet haklary tölenmän, kähalatlarda olar gurluşykdaky işlerini tamamlandan soň, dessine ýurtdan deportasiýa hem edilipdir.

Migrasiýa we kanun guramasynyň, merkezi aziýaly migrantlary goldaýan hökümetden aýry guramanyň Soçi bölüminiň direktory Simýon Simonow bu barada şeýle diýdi:

“Bu Olimpiýa desgalarynda we gurluşyklarynda işlemäge gelen müňlerçe adama öz täsirini ýetirýär. Şäherde ähli zat gurlandan soň, olar indi işçilerden bahymrak dynmaga çalyşýarlar. Birinjiden, olar işçileriň zähmet hakyny tölemediler. Ikinjiden, olar işçileri deport etdiler ýa-da olaryň dokumentleri talabalaýyk bolsa-da, öz islegi bilen gider ýaly, olara basyş etdiler” diýip, Simonow gürrüň berdi.

Simonowyň aýtmagyna görä, iýul aýynda guramasy açylaly bäri, olardan kanunçylyk goldawyny soraýan müňlerçe arza gelip gowşupdyr. Ol arzalaryň aglabasy daşary ýurtly migrantlara degişli.

Ýöne Soçide işçilere wekilçilik edýän aklawçy Aleksandr Popkow, arada durýan damlary ulanandyklary üçin, gurluşyk kompaniýalaryna garşy kanun esasynda göreş alyp barmagyň kyndygyny aýdýar.

Kyrk sekiz ýaşyndaky özbegistanly migrant işçi Bohşylo Bozorow birnäçe ýyl bäri Russiýada işleýär we ol ýaz paslynda Soçä barypdyr. Ol Olimpiýa şäherçesindäki myhmanhananyň gurluşygynda iki aý işläpdir. Ýöne Bozorowy işe alan moskwaly hususy firma oňa zähmet hakynyň diňe ýarysyny tölemek bilen çäklenipdir.

Ol, Simonowyň kömegi bilen, öz zähmet hakyny almak üçin kanuny göreş alyp barmagy umyt edipdi. Ýöne ol Olimpiýa desgalarynyň gurluşygy dowam edýärkä, Soçini terk etdi. Simonow onuň, zerur kanunalaýyk dokumentleriniň bardygyna garamazdan, howp-hatar astyna düşmekden we deport edilmek ähtimallygyndan gorkandygyny aýdýar.

Migrant işçiler Russiýadan deport edilen halatynda, olaryň gaýtadan ýurda girmegine bäş ýyl gadaganlyk girizilýär.

Milletçilikli kampaniýa

Krasnodaryň regional hökümeti sentýabr aýynda “bikanun migrantlara” garşy kampaniýa başladypdy. Bu çäre milli populist kampaniýa bilen gabat geldi. Ýerlileriň aýtmagyna görä, regionyň migrasiýa polisiýasy, kazaklar bilen birlikde gapy-gapy aýlanyp, dokumentleri barlapdyrlar.

2013-nji ýylyň soňky aýlarynda Russiýada müňlerçe migrant tussag edilip, polisiýa merkezlerinde saklanyldy we olaryň köpüsi ýurtdan deport edildi. Şeýle-de, olaryň käbirleri zähmet haklaryny hem alyp bilmän, ýurtdan gaýtmaly boldular. Ýurtda galan beýleki migrantlaryň hem bir bölegi gizlenmeli bolsa, beýlekileri öz islegi bilen ýurdy terk etmäge mejbur boldular.

Bozorowyň sözlerine görä, ol we onuň ildeşleri töwekgellik etmeýärler. Ol Russiýadan öz watanyna dolanmazdan bir gün ozal, Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

“Köp adam deport edildi. Biziň bilen işleýänleriň biri mundan iki gün ozal deport edildi we ol ýurda dolandy. Şol sebäpden biz köçä çykmakdan gorkýarys” diýip, Bozorow gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG