Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain oppozisiýasy uly proteste çagyrýar


Garaşsyzlyk meýdanyndaky ýygnanyşyk. Kiýew, 2-nji fewral, 2014.
Garaşsyzlyk meýdanyndaky ýygnanyşyk. Kiýew, 2-nji fewral, 2014.
Ukrain oppozisýasy ýekşenbe güni goldawçylaryny Kiýewde ýene bir uly ýygnanyşyk geçirmäge çagyrdy.

Oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko ukrain halky, özlerine garşy zorluk ulanylandygyna garamazdan, syýasy özgerişlik baradaky isleglerini görkezmegi başardy diýdi.

Şenbe güni Mýunhendäki howpsuzlyk konferensiýasynda çykyp gürlän Kliçko günbatardaky ukraina dostlaryny Ukrainanyň demokratik hereketiniň üstünlikli bolmagyna kömek etmäge çagyrdy.

Şeýle-de ol oppozisiýanyň dartgynlyklary azaltmak maksadyndan ugur alýandygyny aýtdy we häkimiýetleri protestçileriň garşysyna zorluk we terror çärelerini ulanmazlyga, tussag edilen 300-den gowrak adamy bolsa derhal azat etmäge çagyrdy.

"Krizise Ýanukowiç günäkär"

Kliçko Howpsuzlyk konferensiýasy bilen ugurdaş gurnalan metbugat brifiňinde häzirki krizisiň döremeginde Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçi günäledi:

"[Bu ýerde] ýagdaýyň şeýle dartgynlaşmagyna diňe bir adam jogapkär we hut şonuň özi hem bu dartgynlygy aradan aýryp biler, ol adam Ukrainanyň prezidenti [Wiktor] Ýanukowiç. Onuň elinde absolýut häkimiýet bar we ol Ukrianada bolup geçýän her bir zada dolulygyna jogapkär bolup durýar."

Emma Ukrainanyň daşary işler ministri Leonid Kožara konferensiýada ýurtdaky uly rus azlygynyň protestçileri goldamaýandygyny aýtdy.

"Tutuş Ukraina Maýdany goldamaýar. Gepiň gerdişine aýtsak, bu ýurtda ýaşaýan 45 million ilatyň 8 milliony etniki ruslar bolup durýar. Onsoň siz haýsydyr bir uly ýewropaly ýa-da okeandan aňyrdaky syýasatçylaryň siz strategiki seçgi etmeli, Ukrainany Orsetden aýryp, başga bir ýerde goýmaly diýmesine ol adamlaryň ählisi begenýändir öýdýärsiňizmi?"

Kožara Ukrainanyň köptaraply ýurtdugyny we ap-aňsat ýerden Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýetden birini saýlap bilmejegini, bularyň ikisi bilen hyzmatdaşlyk etmeli boljagyny aýtdy.

Demokratiýa ugrundaky göreş

Ýekşenbe güni tamamlanan Mýunhen konferensiýasynda Ukraina baradaky maslahat-çekişme agdyklyk etdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri ýekşenbe güni irden ukrian halky demokratiýa ugrundaky söweşe goşuldy diýdi.

Ol dünýä derejesindäki syýasy ýolbaşçylaryň, goranmak resmileriniň ýyllyk maslahatyna ýüzlenip, şeýle diýdi:

"Şu günki gün demokratik Ýewropanyň geljegi üçin hiç bir ýerdäki göreş Ukrainadakydan möhüm däl. Köçelerdäki baş-başdaklyklaryň islendiginde gümürtik elementleriň hem tapylýandygyna garamazdan, ukrainalylaryň aglaba köplügi azat we howp-hatarsyz, abadan ýurtda ýaşamak isleýär, olar öz arzuw-ilegleriniň amala aşmagyna kömek etjek partnerlar bilen bileleşmek hukuklary ugrunda göreşýärler. Bu olaryň öz ýurtlarynyň geljeginiň diňe bir ýurda bagly bolmaly däldigi, muňa mejbur edilmeli däldigi barada karara gelendigini aňladýar."

Kerri Birleşen Ştatlaryň we ÝB-niň ukrain halkynyň özleriniň karara gelip bilmek hukuklarynyň tarapynda durýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol "Orsýet we beýleki ýurtlar öz goňşularynyň Ýewropa bilen integrasiýasyna haýsam bolsa bir tarapyň ýitgi çekmeli boljak oýny hökmünde garamaly däl diýdi."

Konferensiýanyň geçýän günlerinde Kerri bilen ukrain oppozisiýasynyň liderleriniň arasynda bolan duşuşyga protest hereketine uly bir goldaw berjek ädim hökmünde garaldy. Ol duşuşyga gatnaşan oppozisiýa liderleriniň arasynda Kliçko we Arseniý Ýatsenýuk dagy hem bardy.

Goşunyň talaby

Mýunhendäki duşuşyklar Ukrainanyň goşuny prezident Wiktor Ýanukowiçi ýurdy durnuklaşdyrmak we iki aýdan hem geçen syýasy bulaşyklygy soňlamak üçin gyssagly çäre görmäge çagyranyndan bir gün soň boldy.

Ýanukowiç tussag edilen protestçilere şertli günä geçiş teklip edýän kanuna gol çekdi. Şeýle-de ol ýanwaryň başynda kabul edilen anti-protest kanun çärelerini ýatyramak baradaky karara gol çekdi.

Mundanam başga, Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Herman Wan Rompou şenbe güni Ukraina bilen assosiasiýa ylalaşygyny baglaşamagyň henizem mümkindigi baradaky sözlerini ýene bir gezek gaýtalady.

Ol konferensiýa «biz wagtyň öz tarapymyzdadygyny bilýäris, Ukrainanyň geljegi Ýewropa Bileleşigine degişli» diýdi.

Ýanukowiçiň noýabrda soňky minutda, belki-de Moskwanyň basyşy astynda, ÝB bilen şertnama gol çekmekden ýüz öwürmegi Ukrainada dowam edýän protestleriň baş sebäbi boldy.
XS
SM
MD
LG