Sepleriň elýeterliligi

Tatarstanly žurnalistler Kiýewde galýarlar


Ukrainanyň paýtagty Kiýewde ogurlanan we ençeme sapar urulyp-ýenjilen iki žurnalist bejergi alýarlar. “KazanFirst” täzelikler websaýtynyň žurnalisti Nikita Perfilýew we kameraçysy Anton Zaharow hökümete garşy geçirilýän çykyşlar barada habar bermek üçin Kiýewe iberilipdi.

“KazanFirst” neşriniň aýtmagyna görä, anna güni žurnalistleri ogurlap olary urup-ýenjen adamlar ukrain aksenti bolmadyk ors dilinde gepleşipdirler. Bu adamlar žurnalistlerden Ukrainany derrew terk etmegi talap edipdir.

Pefilýew alyn dişleriniň ençemesiniň owradylandygyny we ýüzüniň gögerdilendigini gürrüň berdi. Hüjümçiler žurnalistleriň pasportlaryny, puluny we kredit kartlaryny elinden alypdyr. Perfilýew Ukrainada galyp öz işini dowam etdirmekçidigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG