Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Mekdep hüjümçisi tussag edildi


Polisiýanyň aýtmagyna görä, Moskwanyň mekdebinde polisiýanyň işgärini we mugallymy atyp öldüren we 20-den gowrak okuwçyny zamun alan ýokary klas okuwçysy ýaragsyzlandyrylypdyr we tussag edilipdir.

Polisiýa tüpeň bilen ýaraglanan hüjümçiniň duşenbe güni irden mekdebe baryp mugallymy we okuwçylary klasda zamun alandygyny aýtdy. Mekdebe ýetip baran polisiýanyň işgärleriniň biri hüjümçiniň okundan wepat boldy, beýlekisi ýaralandy.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili okuwçylaryň ählisiniň sag-aman boşadylandygyny aýtdy. Bu hüjümiň sebäpleri derrew mälim edilmedi. Orsýetiň içeri işler ministri Wladimir Kolokoltsew we beýleki baş resmiler wakanyň bolan ýerine bardylar.
XS
SM
MD
LG