Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Otembaýewiň işine gaýtadan garalýar


Gazagystanyň sudy prezidentiň öňki giýewi Rahat Aliýewe we ýurduň milli howpsuzlyk boýunça öňki ýolbaşçysy Alnur Musaýewe garşy derňewleri başlamaga rekomendasiýa berdi. Olar ýokary wezipeli üç adamy öldürmäge buýruk bermekde güman edilýärler.

Bu çagyryş duşenbe güni Gazagystanyň parlamentiniň apparatynyň öňki ýolbaşçysy Ýeržan Otembaýewiň işine gaýtadan garamak boýunça geçirilen sud diňlenişiginde seslendi.

Duşenbe güni Otembaýew adam öldürmekligi gurnamakda aýyplanyp 13 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Suduň ony adam öldürmäge buýruk bermekde aýyplap 20 ýyllyk türme tussaglygyna höküm eden ozalky karary ýatyrylypdy.

Gazagystanyň oppozision lideri Altynberk Sarsenbaiuly we onuň iki partnýory 2006-njy ýylda öldürilipdi. Otembaýewiň işine gaýtadan garamak boýunça sud diňlenişikleriniň şu aýda başlanmagyna gazak resmileriniň Aliýewiň gänäsini görkezýän täze subutnamalaryň tapylmagy barada dekabr aýynda eden beýannamalary sebäp bolupdy. Rahat Aliýew 2007-nji ýyldan bäri Ýewropada ýaşaýar. Musaýewiň nirededigi belli däl.
XS
SM
MD
LG