Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Medrese ýumruldy


Gyrgyzystanyň günortasynda medresäniň ýumrulmagy zerarly azyndan 49 adam ýaralandy. Duşenbe güni Jalal-Abad welaýatynyň Suzak etrabynda ýakynda ýogalan ymamyň matam çäresiniň geçýän wagtynda Imam Azim medresesiniň ikinji gaty ýumruldy.

Içeri işler ministrliginiň ýerli bölüminiň ýolbaşçysy Nurbek Žanybekow wakanyň bolan ýerinde derňewçileriň işleýändigini aýtdy.

Žanybekow binanyň ýumrulmagynyň tötänlik bolup, başga bir sebäpleriň bolmagyny çak etmäge esasyň ýokdugyny belledi we derňewleriň netijesinde jenaýat işiniň gozgalyp-gozgalmajagy barada aýtmakdan saklandy.
XS
SM
MD
LG