Sepleriň elýeterliligi

Köne pasportym bilen...


Türkmenistanyň baýdagy, köne türkmen pasporty we täze türkmen pasporty

Türkmenistanyň baýdagy, köne türkmen pasporty we täze türkmen pasporty

2013-nji ýylyň 10-njy iýulundan başlap Türkmenistan köne pasportyny ýatyryp, täze, ýagny biometrik pasporta geçýändigini we täze pasporty bolsa diňe ýurduň içinden alyp boljakdygyny yglan edende, dokumentini çalyşmak üçin Türkmenistana gitmekden saklananlar az bolmandy.
Şeýle karara gelenler esasanam, daşary ýurtlarda bikanun ýaşap hem işläp ýören türkmen raýatlarydyr. Olar Türkmenistana baranlarynda yzyna goýberilmejeginden alada edip, şeýle karara gelendiklerini aýdypdylar.
Aradan 7 aý geçdi, eýsem köne pasportly raýatlaryň häzirki ýagdaýy nähili? Biometrik pasportynyň bolmazlygy olaryň durmuşyna nähili täsirini ýetirýär? Şeýle raýatlar nähili tejribeleri başdan geçirýärler? Bu ýagdaýa olar nähili çykalga tapdylar? diýen ýaly bir giden soraglar bar.
Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda, ynha şu tema hakda gürrüň ediler. Sizi hem bu temadan öz pikiriňizi aýtmaga we gepleşigimize gatnaşmaga çagyrýarys. Öz pikiriňizi aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz. Eger gepleşigimize gatnaşyp öz pikiriňizi aýtmakçy bolsaňyz, bize hat ýazyň, siz bilen özümiz habarlaşarys, ynha adresimiz: hat@azatradio.org.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG