Sepleriň elýeterliligi

Jalal-Abad: Metjidiň ýykylmagy derňelýär


Gyrgyzystanyň Jalal-Abad regionynda metjidiň we medresäniň ýerleşýän binasynyň ýumrulmagy bilen baglylykda derňew işleri başlandy.

Suzak etrabynyň polisiýasynyň ýolbaşçysy Nurlan Janybekowyň AÝ/AR-na sişenbe güni aýtmagyna görä, derňewçiler gurluşyk howpsuzlygyna degişli düzgünleriň bozulan bolmagynyň mümkinçiligine garaýarlar.

Duşenbe güni Kumuş obasynda ýakynda ýogalan ymamyň matam çäresiniň gidip duran wagtynda Ymam Azim metjidiniň ikinji gaty ýykylypdy. 53 adam keselhana äkidildi, olardan sekiz adam keselhanada galýar. Metjidiň binasy ýakynda gurulypdy.
XS
SM
MD
LG