Sepleriň elýeterliligi

Facebook 10 ýaşady


Facebook sosial ulgamy sişenbe güni 10 ýaşady. Facebook özüniň gysga taryhynda dünýä ýüzünde iň uly sosial ulgamyna öwrüldi, onuň ulanyjylarynyň sany 1 milliarddan aşdy.

ABŞ-nyň Günorta Karolina uniwersitetiniň aragatnaşyk boýunça Annenberg mekdebiniň sosial media boýunça professory Karen North duşenbe güni žurnalistleriň öňünde çykyş edip “häzirki wagtda Facebook belli bir demografik şertlerde belli bir maksatlara laýyk bolmak üçin ägirt uly bäsdeşlik hem hakyky kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip belledi.

Sosial media kompaniýasy iki ýylda girdejileriniň iň güýçli depginde ösendigini ýakynda habar berdi. “eMarketer” atly barlag kompaniýasyna görä, Facebook elektron reklama bildirişlerden alýan girdejileriniň möçberi boýunça dünýäde Google kompaniýasyndan soň ikinji ýere barýar.
XS
SM
MD
LG