Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Oş: Telekanalyň derňewine gözegçilik edilýär


Gyrgyzystanyň adam hukuklary boýunça baş wekili Oş şäherinde polisiýanyň telekanala garşy geçirýän derňewlerini öz gözegçiligine aldy.

Baktybek Amanbaýewiň metbugat gullugynyň aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň adam hukuklary boýuça baş wekili “Oş TW” kanalynyň redaktorlary, şeýle-de Oş şäheriniň derňewçileri bilen duşenbe güni duşuşyk geçiripdir.

Şäheriň öňki gapma-garşylykly häkimi Melis Myrzahmatowyň gözegçiliginde, diýlip hasaplanýan telekanal ýurdy ikä bölmek barada çagyryş etmekde güman edilýär we ekstremizmde aýyplanýar.

Derňewçiler şeýle çagyryşlaryň geçen aýda häkimiň wezipesi ugrunda geçirilen saýlawlaryň öňüsyrasynda telewideniýe arkaly edilendigini aýdýarlar. Myrzahmatow şol saýlawlarda ýeňilipdi. Media serişdesine garşy derňewler geçen hepdede başlandy. “Oş TW-niň" baş müdiri Ernis Kyiazow geçirilýän derňewleri “söz azatlygyna garşy hüjüm” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG