Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Karzaý “Talyban” bilen gepleşik alyp barýar


Owganystanyň prezidentiniň metbugat-wekili Hamid Karzaýyň “Talyban” hereketiniň wekilleri bilen parahatçylyk ugrunda ylalaşyk barada gizlin aragatnaşyk alyp barýandygyny tassyklady.

Aimal Faiziniň "The New York Times" gazetine aýtmagyna görä, geçen ýylyň oktýabr aýynda “Talybanyň” inisiatiwasy bilen başlanandygy aýdylýan gizlin gepleşikler dowam etdirilýär.

Habar berilişine görä, bu gepleşiklere amerikanlar we günbatarly resmiler gatnaşmaýarlar. Owgan resmileriniň “Talyban” hereketi bilen bu kontaktlary Hamid Karzaýyň günbatarly ýaranlarynyň göwnünden turmaýan syýasatyny ýöredýän döwrüne gabat geldi. Hususan-da Karzaý ABŞ bilen howpsuzlyk boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrýar.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen 3-nji fewralda çykyş edip “howpsuzlyk boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyk Owganystanda 2014-nji ýyldan soň türgenleşik missiýasyny amala aşyrmak üçin gerek”, diýdi.

Waşington eger bu ylalaşyga tiz wagtda gol çekilmese öz goşunlarynyň ählisini Owganystandan çykarjakdygyny duýdurdy. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Owganystan barada geljekki planlary maslahat etmek üçin ýurduň goranmak boýunça resmileri bilen sişenbe güni duşuşýandygy barada habar berildi.
XS
SM
MD
LG