Sepleriň elýeterliligi

Almaty: Bazarda ýangyn döredi


Almatynyň uly bazarynda ýangyn döredi we bazaryň bir bölegine zeper ýetirdi. Bu Gazagystanyň iň uly şäheriniň bazarlaryndan bolan ýangynlaryň iň soňkysy. Adam ýitgileri barada habar berilmedi.

Polisiýa “Ýupiter” atly bazaryň töwerek-daşyny gabady we içine hiç kimi goýbermedi. Dekabr aýynda Almatynyň golaýyndaky Karasai etrabynda bazarda ýangynyň döremegi zerarly iki adam heläk bolupdy. Geçen ýylyň sentýabr we noýabr aýlarynda Almatyda we onuň golaýynda sekiz sany bazara zeper ýetipdi. Şol ýangynlaryň biriniň döremegine bazaryň bilkastlaýyn otlanmagynyň sebäp bolandygy anyklandy.

Beýleki wakalar boýunça derňewler dowam edýär. Almaty şäherinde söwdegärler protest geçirýärler we hökümetden çeken zyýanynyň öwezini dolmagy talap edýärler.

Almatynyň resmileri zyýan ýeten bazarlary dikeltmekden ýüz öwürýärler we olaryň 1990-njy ýyllarda bikanun gurulandygyny belläp, bazarlaryň regionda täze ýol gurmak planlara ters gelýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG