Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Dalaşgärler çekeleşige başladylar


Owganystanda ýetip gelýän prezidentlik saýlawlaryna dalaşgärler birinji çekeleşikli diskussiýalara başladylar. Abdullah Abdullah, Aşraf Ghani, Zalmi Rasool, Kaýum Karzai we Rahim Wardak “Talyban” bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşikler we ABŞ bilen howpsuzlyk barada ylalaşyk temalary barada öz pikirlerini mälim etdiler.

Kabulda sişenbe güni geçirilen bu çekeleşikler Owganystanyň paýtagtynda ýerleşýän “Tolo TW” atly hususy telekanal arkaly görkezildi. Owganystanyň prezidenti wezipesi ugurndaky saýlaw kampaniýasy resmi taýdan ýekşenbe güni başlandy.

Saýlarlar 5-nji aprelde geçiriler. 11 dalaşgäriň arasynda kimiň öňe saýlanýandygy entek anyk däl. Olaryň hiç biriniň ses berişligiň ikinji tapgyrynyň geçirilmezligi üçin ýeterlik ses toplamagy başarjagyna garaşylmaýar.

Prezident Hamid Karzaý 2001-nji ýylda “Talyban” hereketiniň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden soň Owganystany dolandyryp gelýär. Ýurduň konstitusiýasy onuň wezipä üçünji sapar dalaş etmegini gadan edýär.
XS
SM
MD
LG