Sepleriň elýeterliligi

“Kumtor” boýunça komissiýa döredildi


Gyrgyzystanyň kanun çykaryjylary ýurduň iň uly altyn känini özleşdirýän Kanadanyň “Centerra Gold” kompaniýasy bilen dörän meseläni maslahat etmek üçin barlyşyk boýunça komissiýany döretdiler.

Çarşenbe güni döredilen komissiýa parlamentdäki ähli toparlaryň wekillerini öz içine alýar. Parlamentde “Kumtor” bilen bagly mesele boýunça ýedi aý bäri çekeleşik dowam edýär.

2003-nji ýylda baglaşylan ylalaşyga görä, “Kumtor” altyn käniniň 17%-ti gyrgyz hökümetine degişlidi, 2009-njy ýylda gaýtadan garalan bu ylalaşykda gyrgyz hökümetiniň paýy 33%-te çenli artdyryldy. Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň hökümeti öz paýynyň 67%-te çenli artdyrylmagyny isleýär.

“Centerra Gold” kompaniýasynyň ýolbaşçylary öz paýynyň 50%-den az bolmagy bilen razylaşmajagyny duýdurdylar. Oppozisiýa we ýerli ýaşaýjylar geçen ýylda “Kumtor” altyn käniniň golaýynda protest geçirip, onuň millileşdirilmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG