Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň resmisi Ýanukowiç bilen duşuşdy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aşton Ukrainada dowam edýän hökümete garşy çykyşlar bilen bagly çözgüt tapmak ugrunda prezident Wiktor Ýanukowiç bilen duşuşýar.

Aşton sişenbe güni oppozisiýa liderleri bilen nahar başynda gepleşik geçirdi. Aştonyň oppozisiýa bilen çarşenbe güni hem duşuşjakdygy aýdyldy.

Ukrain parlamentiniň oppozision agzalary çarşenbe güni prezidentiň ygtyýarlyklaryny çäklendirmek boýunça inisiatiwasyny öňe sürmegini dowam etdirdiler. Witaliý Kliçko “prezidentiň ähli jogapkärçiligi parlamentiň üstüne atmak isleýändigini duýýaryn, emma men ýene bir gezek ýatladýaryn, şu günki gün bar ygtyýarlyk bir adamyň, ýagny Ukrainanyň prezidentiniň elinde jemlenýär” diýip belledi.

Ukrainadaky protestler geçen ýylyň noýabr aýynda prezident Wiktor Ýanukowiç ÝB bilen ýakynlaşmak barada ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyransoň başlandy.
XS
SM
MD
LG