Sepleriň elýeterliligi

logo-print

MA-Owganystan: Güýçli gar heläkçilige getirdi


Owganystanda we Merkezi Aziýa ýurtlarynda güýçli garyň ýagmagynyň netijesinde azyndan 19 adam heläk boldy.

Owganystanyň demirgazyk-günbatar Jowzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdul Rahman Mahmoudiniň çarşenbe güni aýtmagyna görä, geçen hepdäniň anna gününden başlap sişenbe günüň agşamyna çenli güýçli garyň ýagmagy ýerli ýaşaýjylardan 14 adamyň, şol sanda bäş çaganyň ölmegine sebäp bolupdyr.

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde çarşenbe güni gonuş ýodasynda uçar taýypdyr. Hiç kim heläk bolmandyr. Şuňa meňzeş waka Täjigistanyň Kulob şäherinde-de ýüze çykypdyr. Täjigistanyň mekdepleri we uniwersitetleri 10-njy fewrala çenli ýapyk galýarlar. Gyrgyzystanda güýçli garyň ýagmagy bäş adamyň ölümine sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG