Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda sosial media çäklendirilýär


Elinde mobil telefonly türkmen gyzy

Elinde mobil telefonly türkmen gyzy

Düýn Aşgabadyň 55-nji orta mekdebinde irden geçirilýän lineýkada mekdep müdiri okuwçylara internetdäki sosial saýtlara girip, şol sahypalarda hasap açmazlygy hem-de öz surtlaryny goýmazlygy tabşyrypdyr.
Tabşyryk äsgerilmese, şol hasaplaryň eýelerine garşy çäre görülmeginiň mümkindigi hem duydurylypdyr. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan çeşmeler edil şeýle tabşyrygyň Aşgabadyň käbir beýleki mekdeplerinde hem berlendigini gürrüň berdiler.
Aşgabatdan, özüni Aýgül diýip tanadan orta mekdep mugallymlarynyň biri, düýp sebäbi barada takyk maglumat berilmedik bu tabşyrygyň, esasanam ýaş gyzlara gönükdirilýändigini gürrüň berdi. Şol bir wagtyň özünde-de bu tabşyryk dünýäniň iň uly sosial ulgamy diýlip hasaplanýan Facebook ulgamynyň düýbüniň tutulmagynyň 10 ýyllygy bellenilýän güne gabat geldi.
Ýurtda Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň internet giň ilat köpçüligine has elýeterli bolup başlady. Häzirki döwürde, aýdaly, awtobusda barýarka mobil telefonynda bir zatlary ýazyp oturan ýaşlara duş gelmek seýrek bolýan ýagdaý däl. Türkmen internet ulanyjylarynyň arasynda, ylaýta-da ýaşlaryň arasynda “Mail.ru” ”Agent”, “Mobimeet”, “Line”, “WhatsApp” ýaly sosial ulgamlary örän meşhur.
“Tanyşlyk saýtlary”
Bir tarapdan, bu saýtlar ulanyjylara daşary ýurtlarda işleýän ýa-da okaýan garyndaşlary bilen habarlaşmaga kömek edýän bolsa, beýleki tarapdan ýaşlaryň köpüsi bu saýtlary biri-biri bilen tanyşmak üçin ulanýarlar. Şol sebäpden bu saýtlara il içinde tanyşlyk saýtlary hem diýilýär.
Şeýle saýtlara bolan höwesiň uludygyny mobil telefon ussahanalarynda bu sosial medialarda hasap açdyrmak üçin ýörite hyzmatlaryň hödürlenýänligindenem göz ýetirmek mümkin. Mysal üçin, Ýimpaş söwda merkezindäki mobil telefon ussahanasynda “Mail.ru”, “Agent”, “Mobimeet” ýaly sosial ulgamlaryna birikmäne kömek edilýär.
Türkmenistanda sosial ulgamdan näçe adamyň peýdalanýandygy, olaryň ýaşlary, ýerleşýän ýerleri hakda statistiki maglumatlar ýok. Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan telefon ussahanasynyň wekili hasap açdyrmaga gelýänleriň arasynda ýaş gyzlaryň agdyklyk edýändigini aýtdy.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mekdep mugallymy Aýgül bolsa indi orta mekdep okuwçylarynyň hem sosial media bilen başagaý bolup oturanlaryna has köp duş gelinýändigini, olaryň özlerinden uly ýaşlylardan, şol sanda talyplardan görelde alýandyklaryny gürrüň berdi.
Aşgabadyň 55-nji mekdebiniň müdiriniň eden çykyşy Türkmenistanda sosial ulgamy çäklendirmek boýunça resmi çäräniň diňe nobatdaky tapgyry bolsa gerek. Umuman aýdylanda, Türkmenistanda sosial media bolan gözegçilik indi ep-esli wagtdan bäri dowam edýär.
Ýurtda Youtube, Twitter, “Mobimeet”, “Line”, “WhatsApp” ýaly sahypalar wagtal-wagtal petiklenýär, Facebook sahypasy bolsa indi ep-esli wagtdan bäri ýurtda ýapyk, oňa Türkmenistandan diňe proksy sahypalar arkaly girip bolýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG