Sepleriň elýeterliligi

Putin: Orsýet Olimpiada taýýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin olimpiýa şäherçesine syýahat edip, Soçiniň 2014-nji ýylyň Gyşky olimpiýa oýunlaryna taýýardygyny yglan etdi.

Çarşenbe güni olimpiýa alawy Soçä bardy. Olimpiýa ody 65 müň kilometr ýoldan geçirildi, demirgazyk polýusa baryp gaýtdy we orsýetli kosmonawtlar tarapyndan kosmosa uçuryldy.

Putin geçen hepdäniň anna güni sportçylaryň öňünde çykyş edip, ýurt raýatlarynyň olara “bil baglaýandygyny” aýtdy. Orsýetiň sportçylarynyň topary dört ýyl mundan öň Wankuwerde bolan olimpiýa oýunlarynda uly üstünlik gazanyp bilmän, diňe üç altyn medaly gazanypdy.

Putiniň Orsýetiň olimpiýa oýunlaryna taýýardygy barada ynamly aýtmagyna garamazdan, köp žurnalistler myhmanhanalaryň pes derejede gurulandygyny aýdýarlar. Orsýetiň 50 milliard dollar möçberde pul sarp edip, Soçide geçirýän olimpiýa bäsdeşligi anna güni başlanýar we 23-nji fewrala çenli dowam eder.
XS
SM
MD
LG