Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Garaşsyz blogerler tussag edildi


Gazagystanda üç sany garaşsyz bloger ownuk başbozarlykda aýyplanyp çarşenbe güni 10 gün tussaglyga höküm edildi.

Rinat Kibraew, Nurali Aitelenow we Dmitry Şçýolokow Almatynyň häkimi Ahmetžan Esimowyň we öňünden saýlanan gazagystanly blogerleriň arasynda çarşenbe güni bolan duşuşyga gatnaşdyrylmady. Polisiýa olaryň atlarynyň myhmanlaryň sanawynda bolmandygyny aýtdy.

Blogerlere Esimowyň blogerler bilen duşuşyk geçiren restoranyny wideo düşürmäge-de rugsat berilmedi. Mundan soň garaşsyz blogerler “Esimow çyk!” we “Esimow diňe özüne öwrenişdirilen blogerler bilen duşuşýar!” diýen şygarly plakatlary tutup durdular. Şonda polisiýa olary ele salypdyr.

Bu wakany wideo düşüren AÝ/AR-nyň habarçysy Madi Bekmaghambet hem tussag edildi, emma soň boşadyldy.
XS
SM
MD
LG