Sepleriň elýeterliligi

Soçi: Ban Ki-Moon gomoseksuallara basyşy ýazgardy


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon Halkara olimpiýa komitetine ýüzlenip, gomoseksuallara garşy hüjümleri we kemsitmeleri ýazgardy. Onuň penşenbe güni Orsýetiň Soçi kurortynda eden bu çykyşy 2014-nji ýylyň Gyşky olimpiýa oýunlarynyň resmi taýdan başlanmagyndan bir gün öň boldy.

Ban Ki-Moon “biz lesbianlara, geýlere, biseksuallara, transgenderlere we germafrodit ýagny hunsa adamlara edilýän hüjümlere garşy çykmak üçin jebisleşmeli. Biz olaryň saklanyp, tussag astyna alynmagyna we kemsidiji çäklendirmelere sezewar edilmegine garşy durmaly” diýip belledi.

BMG-niň Baş sekretarynyň bu çykyşy Orsýetiň ýakynda kabul eden geý “propagandasyna” gadagançylyk, diýlip atlandyrylýan kanunynyň halkara derejesinde berk tankyt edilýän döwrüne gabat geldi.

Tankytçylar kanunyň geýleriň hukuklaryna köpçülikleýin goldaw bildirmegi gadagan edýändigini belleýärler. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin olimpiadanyň geçýän döwründe geýler babatynda hiç hili kemsitmelere ýol berilmejegini Halkara olimpiýa komitetine wada berdi.
XS
SM
MD
LG