Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Alyýew oppozisiýany “satlyk” diýip atlandyrdy


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew ýurduň syýasy oppozisiýasyny “daşary ýurtlaryň puluna öz wyždanyny satan satlyk toparlar” diýip atlandyrdy.

Çarşenbe güni Bakuda geçirilen ykdysady konferensiýasynda Alyýew geçen ýylyň oktýabr aýynda bolan prezidentlik saýlawlary “oppozisiýanyň soňy we onuň masgaraçylygynyň aňry-başy” boldy, diýip belledi. Alyýew “daşary ýurtlardan pul alýanlara Azerbaýjanyň syýasatynda ýer ýokdur” diýdi.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy Azerbaýjanyň geçen ýylyň oktýabr aýynda bolan saýlawlaryň geçirilişini “uly kemçilikler” üçin ýazgardy we saýlawlaryň “medianyň çäklendirilen şertlerinde” geçirilendigini belledi.

Prezident wezipesine dalaş eden Ilkar Mammadow we garaşsyz saýlaw synçysy Anar Mammadli tussag edilip, suda garaşýarlar, şeýle-de azyndan iki oppozision žurnalist uzak möhletli tussaglyga höküm edildi.
XS
SM
MD
LG