Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

64-nji Berlinale film festiwaly açyldy


Ýewropanyň iň uly film festiwaly bolan Berlinale festiwaly 64-nji sapar Germaniýanyň paýtagtynda açyldy.

11 günüň dowamynda dürli žanrlara degişli 400-den gowrak filmiň görkezilmegine garaşylýar. Penşenbe güni amerikan kinorežissýory Wes Andersonyň “Budapeşt myhmanhanasy” atly kartinasy görkezilýär.

Berlinale festiwalynyň çäginde özbek kinorežissýory Saodat Ismailowanyň “Çille”, gürjüstanly Lewan Koguaşwiliniň we Tinatin Kajrişwiliniň “Gelinler”, gazagystanly Žanna Isabaýewanyň “Nagima”, eýranly Reza Dormişianyň “Men gaharlanmaýaryn” atly kartinalary, şeýle-de Aziýa, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan bolan ýüzlerçe filmler görkeziler.

Festiwalyň filmlerine baha berýän žýuri toparyna amerikan režissýory Jeýms Şamus ýolbaşçylyk edýär.
XS
SM
MD
LG