Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” bilen gepleşik geçirilýär


Pakistanyň hökümetiniň we Pakistanyň “Talyban” hereketiniň söweşijileriniň arasynda gepleşikleriň birinji tapgyrynyň başlanandygy barada Yslamabatdan habar gowuşýar. Penşenbe güni başlanan bu gepleşikleriň geçirilýän ýeri barada aýdylmaýar.

Habar agentlikleriň çeşmelere salgylanyp berýän maglumatlarynda taraplaryň geljekki diskussiýalar üçin “ýol kartasyny” düzmek üçin ýygnanyşandygy aýdylýar.

Pakistanyň “Talyban” söweşijileri 2007-nji ýyldan bäri hökümeti agdarmak we ýurtda yslam dolandyryşy ornaşdyrmak ugrunda söweşip gelýärler. Geçen hepdede premýer-ministr Nawaz Şarif gepleşikler arkaly durnuklylygy gazanmak üçin wagtyň gelendigine ynam bildirdi. Şarif ýurtda “ot bilen ýalynyň” soňuna çykmak üçin özüniň çynlakaý tagalla edýändigini aýtdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda pakistanly “Talybanyň” eden hüjümleri zerarly 100-den gowrak adam wepat boldy.
XS
SM
MD
LG