Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Howa sowaýar, ýyladyş gowşaýar


Doňan turba
Doňan turba
Türkmenistan soňky ýyllaryň iň sowuk howasyny başdan geçirýär. Soňky günler howanyň sowuklygynyň minus 14-16 gradusa ýetendigi barada maglumatlar berildi. Ýurduň Daşoguz welaýatynda bolsa howanyň hasam sowap, -20 gradusa çenli aşak düşen wagtlaram boldy.

Ýurduň has sowuk ýerleri däl, hatda beýleki welaýatlar bilen deňeşdirilende howanyň birneme maýyldygy aýdylýan Aşgabat barada aýdanymyzda hem, Türkmenistanyň bu ýylam gyşyň aňzagyny taýýarlyksyz garşylandygyny aýtmaga esas bar.

Oňa Aşgabadyň käbir mekdepleriniň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin. Daşary doňaklyk, klas otaglary sowuk, ýyladyş sistemalary bolsa kadaly işlemeýär, onuň üstesine, mugallymlaryň okuwçylaryň klasda galyň egin-eşik geýip oturmagyna-da rugsat etmeýän halatlarynyň bolýandygy aýdylýar.

“Mekdep formasynda oturmaly”

“Mekdep formasynda oturmaly diýip, çagajyklary klasda ýukajyk kostýumda oturdýarlar. Men düýn gyzymy mekdepden alyp gaýdanymda onuň eli buz ýaly sowukdy, olara galyň egin-eşigini çykaryp oturmaly diýipdirler” diýip, gyzy birinji klasda okaýan we özüni Meret diýip tanadan paýtagtly Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Paýtagtyň sowet döwründe gurlan köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda hem, ýyladyş ulgamlary kwartiralary ýeterlik ýyladyp bilmänsoň, adamlar sowuk howada elektrik toga bil baglaýarlar. Bu hem öz nobatynda toguň peselmegine, hatda öçmegine getirýär.

Paýtagtyň “Posýolka” diýip atlandyrylýan raýonynda şu günler eýýäm birnäçe gezek elektrik togy öçüpdir. Ýeri gelende aýtsak, bu raýonda suwuň we gazyň peselendigi hem aýdylýar. Sowuk howa halkyň elektrik we gaz üpjünçiligi bilen bir hatarda, suw bilen üpjünçiligine hem öz täsirini ýetirýär.

Suw üpjünçiligi

Paýtagtyň golaýyndaky käbir ilatly punkutlarda, şeýlede Änew şäherinde, Çoganly obasynda hem suwuň pes akýandygy barada maglumatlar gowuşýar. Suw üpjünçilik edarasynyň işgäri Azatlyk Radiosyna bu näsazlygy düzetmek üçin ýörite remont brigadasynyň iberilendigini habar berdi.

Emma suw ýetmezçiliginden kösenýän raýonlaryň ýaşaýjylarynyň käbirleri Azatlyk Radiosyna beren gürrüňlerinde şeýle habaryň indi üç-dört günden bäri özlerine-de aýdylýandygyny, emma bu ugurda üýtgeýän zadyň ýokdugyny gürrüň berdiler.
Şeýle kynçylyklaryň paýtagtdan has uzagrakda ýerleşýän köp ilatly Abadan etrabynda hem dowam edýändigi barada maglumatlar bar.

Gaz üpjünçiligi

“Gaz biziň obamyzda häzirki aýazly günlerden öňem örän pesdi. Häzir howanyň aşa sowuk bolmagy zerarly bu has-da bildirýär. Jaýlary ýyladyp bolanok. Elektrik togy bolsa oýnap dur. Bir öçýär bir ýanýar” diýip, Abadan etrabynyň golaýynda ýerleşýän Garadaşaýak obasynyň ýaşaýjysy Halmyrat Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Garadaşaýak obasynyň golaýyndaky Akdaşaýak obasynda hem ýagdaý tapawutly däl. Bu obanyň hem gaz we elektrik togy bilen üpjünçiliginde kemçilikler bar. Bu ýagdaý bolsa käbir adamlarda nägilelikleriň emele gelmegine sebäp bolýar.

“Gazyň bahasyny galdyranlaryna görä ony köpeltselerem bolardy welin, bu hökümet diňe halkdan pul almany bilýär. Adamlar hakynda alada edýän ýolbaşçylar ýok” diýip, Gardaşaýak obasynyň ýaşaýjysy Halmyrat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda eýýäm bir hepde bäri biziň ýurdumyz üçin adaty bolmadyk sowuk howa saklanýar. Häkimiýetler bu aýazly günlerde edilýän işler hakda gürrüň berseler-de, häzirki döwürde raýatlaryň, esasanam paýtagtdan uzakda ýerleşýän ilatly punkutlarda, sowuk howa zerarly başagaýlyk dowam edýär.
XS
SM
MD
LG