Sepleriň elýeterliligi

Praga: Türkmen prezidenti metbugat sahypasynda


Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň Çehiýa Respublikasyna geljekki saparlary çeh metbugatynyň üns merkezine düşdi.

“Prezident Miloş Zeman ýene bir diktatory çagyrýar”, diýip Çehiýanyň metbugatynda 5-nji fewralda çap bolan maglumatlarda aýdylýar we “Zeman Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowa iberen resmi çakylygyndan soň Türkmenistanyň awtoritar prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy hem çagyrmagy planlaşdyrýar”, diýip aýdylýar.

Habar berilişine görä, Yslam Kerimow Praga fewral aýynyň aýagynda barýar.

Maglumatda Özbegistan “dünýäniň iň zulumkeş diktaturasy bolup, ähli oppozision toparlara basyş edýär, 2007-nji ýyldan bäri Berdimuhamedow tarapyndan dolandyrylýan Türkmenistandaky ýagdaý hem mundan ganymat däl”, diýip bellenýär.
XS
SM
MD
LG