Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-amerikan biznesi maslahat edildi


Türkmenistan ABŞ bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär, diýip prezident G.Berdimuhamedow “Türkmen-amerikan” biznes geňeşiniň ýolbaşçysy Erik Stuart bilen 5-njy fewralda Aşgabatda geçiren duşuşygynda aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, taraplaryň arasynda amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanda alnyp barylýan bilelikdäki täze proýektlere gatnaşygyny artdyrmagyň mümkinçiligi maslahat edilipdir.

Türkmenistanda ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň ençemesi, şol sanda “Chevron”, “General Electrics” we “Exxon Mobil” işleýärler. Günbatarly şirketler Türkmenistan bilen ýangyç-energiýa ugrundan hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler.
XS
SM
MD
LG