Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň ady üýtgemegi mümkin


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurduň adynyň üýtgedilmeginiň mümkindigini mälim etdi. Atyrau regionynyň ýaşaýjylary bilen penşenbe güni geçiren duşuşygynda Nazarbaýew “ýurduň adynyň Gazak ili (Kazak eli) adyna öwrülmegine garamagymyz ähtimal”, diýip belledi.

Nazarbaýew bu meseläniň başda köpçülikleýin maslahat edilmelidigini belledi. Şeýle-de, Gazagystanyň prezidenti “köp milletli ýurduň dürlüliginiň möhüm aýratynlygy” barada gürledi.

Gazagystanyň häzirki ady hem gazaklaryň döwleti, ýeri diýen düşünjäni aňladýar, emma pars dilinden ugur alýar. Gazagystanyň ilatynyň 63%-ti türki dilli etnik gazaklar, emma ilatyň galan bölegine dürli milletler girýär, olaryň arasynda iň uly etnik toparyny, ýagny 15.5 million ilatyň 24%-tini orslar emele getirýärler.
XS
SM
MD
LG