Sepleriň elýeterliligi

Soçi: Sport ýaryşynyň ilkinji netijeleri


Soçi olimpiadasynda komandalaryň buzda typmak boýunça ýaryşynyň ilkinji gününiň netijesinde Orsýet 19 ball bilen öňe saýlandy Kanada 17 ball toplap ikinji ýerde barýar. ABŞ penşenbe güni erkek sportçylaryň we jübütlikde typýan sportçylaryň arasyndaky bäsdeşliklerde 10 ball gazanyp, bäşinji ýere çykdy.

Penşenbe günki ýene bir ýaryşda Gazagystanly Ýuliýa Galyşewa aýallaryň arasynda lyžada typmak boýunça ýaryşyň bir görnüşinde altynjy ýere çykdy. Ýaryşyň ikinji we jemleýji tapgyry şenbe gününe planlaşdyryldy.

Anna güni Soçide Gyşky olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasynyň geçýän güni ýaryş bolmaýar.
XS
SM
MD
LG