Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç Putin bilen duşuşýar, Nuland ötünç soraýar


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Soçä bardy, anna güni onuň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşýandygy aýdylýar.

Iki ýurduň döwlet baştutanlary soňky sapar 8-nji ýanwarda duşuşyp, Ukrainadaky krizisy maslahat edipdi.

Ýanukowiç penşenbe güni Kiýewden Soçä gaýtmagynyň öňüsyrasynda özüniň konstitusion reformalaryň tarapdarydygyny ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň geňeşçisi Wiktoriýa Nulanda mälim etdi. Emma Ýanukowiç konstitusiýa üýtgetmeleriň kanun taýdan girizilmelidigini belläpdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, Nuland köpçülige paş edilen telefon gepleşigi üçin Ýewropa Bileleşiginiň resmilerinden ötünç sorady. Söhbetdeşlikde Nulandyňky diýilip aýdylýan ses ýazgysynda Ýewropa Bileleşiginiň Kiýewdäki diplomatik tagallalarynyň şowsuzlygy hapa söz bilen häsiýetlendirilýär.

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň metbugat wekili Jen Psaki dört minutlyk bu telefon söhbetdeşliginiň Nulandyň we amerikan ilçisi Pýattyň arasynda bolandygyny ret etmedi.

Orsýetiň prezidenti Putiniň geňeşçisi Sergeý Glazýew Waşingtony “Ukrainanyň içerki işlerine gödek goşulmakda” aýyplady.
XS
SM
MD
LG