Sepleriň elýeterliligi

Daglyk Garabag: Ýene bir esger atyldy


Azerbaýjan Ermenistany serhetde ot atyşygyň bolmazlygy baradaky ylalaşygy bozmakda ýene aýyplady. Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň anna güni ýaýradan beýannamasynda ermenistanly mergeniň soňky hepdelerde serhetde bolan ýüzbe-ýüz çaknyşyklarda esger Eskin Kulyýewi öldürendigini habar berdi.

Soňky aýda Azerbaýjan ermeni harbylaryny iki azerbaýjanly esgeri öldürmekde aýyplady. Esgerleriň ölümi baradaky hasabatlar soňky üç hepdäniň dowamynda iki ýurduň serhetde gözegçilik çärelerini geçirmeginiň netijesinde peýda boldy, Daglyk garabagly iki esgeriň wepat bolandygy barada habar berildi.

Iki ýurduň arasynda Azerbaýjandan bölünen Daglyk Garabag regionynyň üstünde ençeme ýyl bäri konflikt dowam edýär. Ermeni separatistleri 1990-njy ýyllarda bolan urşuň dowamynda esasan ermeni ilatly Daglyk Garabagy Azerbeýjandan basyp aldylar. Konflikti çözmek ugrundaky diplomatik tagallalar netije bermedi.
XS
SM
MD
LG