Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Tussaglar açlyk yglan edýärler


Gürjüstanyň günbatar Imereti welaýatynda 1 000 çemesi türme tussagy açlyk çekip protest geçirýär. Olar türme şertleriniň kemsidijidigini aýdýarlar.

Gürjüstanyň düzediş sistemasy boýunça ministri Sozar Subari anna güni başlanan bu açlyk protestiniň regionyň paýtagty Kutaisi şäheriniň golaýyndaky Geguti türmesinde tussaglykda saklanýan jenaýat ketteleri tarapyndan geçirilýändigini aýtdy.

Subariniň žurnalistlere aýtmagyna görä, ol şeýle aksiýanyň taýýarlanýandygy barada öňünden habarly bolup, bu mesele barada Gürjüstanyň adam hukuklary boýunça baş wekili Uça Nanuaşwili maslahat geçiripdir. Ministriň sözlerine görä, ýakynda ýurduň düzediş sistemasynda amala aşyrylan reformalar jenaýat ketteleriň käbir ýeňilliklerden peýdalanmak mümkinçiligi çäklendiripdir. Tussaglar protest arkaly şol reformalary ýatyrmak isleýärler, diýip Subari aýtdy.

Anna güni tussaglaryň ýüzlerçe garyndaşlary Geguti türmesiniň öňünde jemlendiler we türmäniň administrasiýasy bilen duşuşygyň geçirilmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG