Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“CNN” Brest ýadygärligi üçin ötünç sorady


ABŞ-nyň “CNN” telekanaly Brestde Ikinji Jahan uruşynyň pidalaryna duran ýadygärligi dünýäde iň “betgelşik ýadygärlikleriň” sanawyna salmak bilen “bilgeşleýin bolmadyk ýalňyş”, diýip häsiýetlendiren hereketi üçin ötünç sorady.

“CNN” telekanalynyň redaktorlary anna günki bu beýannamasynda bu maglumat “Orsýetde we Belarusda tötänden aladalanma döredensoň” onuň gepleşiklerden aýrylandygyny aýtdylar. Penşenbe güni telekanalyň websaýtynda ýerleşdirilen bu maglumat Orsýetiň jemgyýetinde nägilelikli diskussiýalary tutaşdyrdy.

Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasy, Orsýetiň Döwlet Dumasy, prezidentiň ýanyndaky adam hukuklary boýunça geňeşi we adam hukuklaryny goraýjy “Moskwanyň Helsinki” topary bu makalany ýazgaryp çykyş etdiler.

Brestdäki ýadygärlik we onuň golaýyndaky ýadygärlik toplumy Sowet döwründe Brest galasynyň goraýjylarynyň gahrymanlygyny müdimileşdirmek üçin dikilipdi. Ýadygärlik sowet goşunlarynyň 1941-nji ýylda nasistik Germaniýa garşy söweşiniň simwoly hasaplanýar.

“CNN” telekanalynyň “betgelşik ýadygärlikleriň” sanawynda Türkmenistanyň Bitaraplyk diňi 10-njy ýerde agzalýar.
XS
SM
MD
LG