Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýanukowiç Soçide Putin bilen duşuşýar


Soçidäki Olimpiýa parkynyň golaýyndaky polisiýa gözegçiligi, 7-nji fewral, 2014.
Soçidäki Olimpiýa parkynyň golaýyndaky polisiýa gözegçiligi, 7-nji fewral, 2014.
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Soçä bardy we onuň Gyşky Olimipiýa mahalynda Orsýetiň perzidenti W.Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Olar Ýanukowiç ÝB bilen ýakyn gatnaşyk gurmak baradaky şertnama gol çekmekden ýüz öwrenden soň dörän ukrain krizisi barada maslahatlaşmak üçin soňky gezek 8-nji ýanwarda duşuşypdylar. Ýanukowiçiň hökümeti şol krizisden soň Ukraina bilen ÝB-niň arasynda ýakyn gatnaşyk gurulmagyna berk garşy durýan Moskwadan ykdysady kömek alypdy.

Ýanukowiç Kiýewden penşenbe güni ýola çykdy. Ol şondan öň Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň Kiýewe sapara gelen kömekçisi Wiktoriýa Nuland bilen duşuşyp, özüniň konstitusiýa reformalaryna gol ýapýandygyny aýtdy. Bu Ukrainanyň Ýewropa tarapdar demonstarsiýaçylarynyň baş talaplarynyň biridi. Emma Ýanukowiç konstitusiýa girizilmeli düzedişleriň kanun esasynda edilmelidigini aýtdy.

Şeýle-de ol Nulanda raýat gozgalaňy mahalynda tussag edilen aktiwistleri boşatmak baradaky çäreleriň çaltlandyrylmagyny goldaýandygyny aýtdy. Ýanukowiç tussaglara günä geçiş yglan etmek baradaky kanuny goldady, ýöne ol muňa protestçileriň basyp alan jemgyýetçilik binalaryny boşatmagyny şert edip goýdy.

Syzyp çykan gürrüň

Şu arada Nuland anna güni Kiýewde žurnalistlere özüniň görnetin ýazgy edilen telefon gürrüňi barada düşündiriş bermekden ýüz öwürdi. Ýagny ol «hususy diplomatik gepleşik barada hiç zat diýmejegini» aýtdy.

Ol ýeýýäm Ýewropa Bileleşiginiň resmilerinden görnetin ýazgy edilen telefon gürrüňi barada ötünç sorapdy. Nuland telefonda Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky ilçisi Jefriý Pyat bilen Ukrainadaky krizis babatdaky amerikan çäreleri we ukrain oppozisiýa liderleriniň syýasy agramy barada maslahat eden ýaly görünýär.

Syzyp çykan telefon gürrüňi ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç 25-nji ýanwarda oppozisiýa lideri Arseniý Ýatsenýuga premýer-ministr, Witaliý Kliçko bolsa, premýer-ministriň orunbasary bolmagy teklip edenden soň bolana meňzeýär. Nulandyňky diýip ynanylýan ses Kliçkonyň islendik täze hökümetiň düzüminde bolmagyny gowy pikir hasaplamaýandygyny aýdýar.
Wiktoria Nuland
Wiktoria Nuland

Nulandyňky bolup eşidilýän ses gürrüňiň bir ýerinde ÝB-niň Kiýewdäki diplomatik tagallalaryndan berk lapykeçlik hem bildirýär.

ÝB-niň daşary syýasat ýolbaşçysy Ketrin Aştonyň sözçüsi syzyp çykdy diýilýän telefon gürrüňine kommentariý bermejegini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki dört minut dowam eden telefon gürrüňindäki sesleriň Nulanda we Ryata degişlidigini inkär etmedi. Ol Waşingtonda žurnalistlere şeýle diýdi:

"Ilçi Pyat bilen döwlet sekretarynyň kömekçisi Nulandyň, olaryň tagalllaaryny goldamak üçin, Ukrainadaky hökümet, oppozisiýa, biznes we raýat jemgyýetiniň liderleri bilen işleşendigi gizlin zat däl. Onsoň ol ýerde islendik pursatda golaýda bolan wakalar, teklipler, şol ýeriň özünde bolup geçýän zatlar baarada maslahat edilmegi geň bir zat bolmaly däl."

Psaki bu telefon gürrüňiniň ýazgysyny kimiň sosial mediada goýandygyny bilmeýändigini aýtdy, emma Moskwanyň ony sosial ulgamda öňe çykarmagyny tankyt etdi.

Putiniň geňeşçisi Sergeý Glazew bolsa, penşenbe güni Waşingtony 1994-nji ýylda baglaşylan we Birleşen Ştatlara hem Orsýete Ukrainadaky howpsuzlygyň kepillikleri hökmünde berlen rol babatdaky şertnamany bozmakda aýyplady.
XS
SM
MD
LG