Sepleriň elýeterliligi

Içki senzura we senede wepalylyk


"Edebiýat we sungat" gezeti

"Edebiýat we sungat" gezeti

Türkmenistanda kanunlaryň metbugatda senzura ýol bermeýändigi, emma žurnalistleriň, raýatlaryň öz-özüni senzura etmeginiň saklanyp galýandygy aýdylýar.

Eýsem munuň sebäbi näme? Pikir-garaýyş, döredijilik meselesinde öz-özüňi çäklendirmegiň, «muny diýsem näme bolar, ony aýtsam näme ederler?» diýp alada galmagyň, gorka basdyrmagyň ýazylýan makalalara, taýýarlanýan gepleşiklere nähili täsiri bolup biler?

Žurnalistler, ýazyjylar we beýleki döredijilik wekilleri içki senzura ýagdaýynda öz hünärlerine, senetlerine wepaly bolup, hakyky eserleri döredip bilermi?

Awtorlaryň içki senzuradan halas bolmagy, kanunyň çäklerinde berilýän azatlyklardan we hukuklardan peýdalanyp, öz işini professional derejede ýerine ýetirmegi üçin näme etmeli?

Bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosynyň diňleýjileri, ýurduň içinde we daşynda ýaşaýan türkmenistanlylar näme pikir edýär?

Azatlyk Radiosynyň nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligi şu meselä bagyşlanýar we oňa pikir-garaýyşlaryňyz, bellikleriňiz, arzuw-islegleriňiz bilen gatnaşarsyňyz diýip umyt edýäris.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG