Sepleriň elýeterliligi

Uçar gaçyryjy Stambula Soçidir öýtdi


"Pegasus" howaýollary uçary Sabina Gökçen uçar meýdanynda, 7-nji fewral, 2014.

"Pegasus" howaýollary uçary Sabina Gökçen uçar meýdanynda, 7-nji fewral, 2014.

Türk resmileriniň aýtmaklaryna görä, pilot Stambula barýan ýolagçy uçaryny Orsýetiň Soçi şäherine, anna güni Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylýan ýerine sürdürmäge synanan ukrainalyny aldawa salypdyr.

Başky habarlarda Türkiýäniň «F-16» söweş uçarynyň Türkiýäniň «Pegasus» howa ýollarynyň Harkowdan gelýän uçaryny Stambulda gonmaga mejbur edendigi aýdylypdy.

Emma Stambulyň häkimi Huseýin Awni Mutlu biraz soň pilotyň 45 ýaşly Artem Hozlowy aldandygyny, ýagny oňa Stambula Soçidir öýtdürmegi başarandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Hozlowyň ukrain raýatydygyny tassyk etdi.

Polisiýa içgili ýagdaýdaky Hozlowyň elindäki detonatora çalymdaş bir zady mazamlap, ekipaža uçara gaçak ýol bilen bomba geçirdim diýendigini aýdýar.

Şondan soň, aýdylmagyna görä, Hozlow uçaryň Orsýetiň Gara deňiz porty bolan Soçä, 2014-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň tutulýan ýerine sürülmegini buýurýar.

Hozlow uçar Stambulyň Sabina Gökçen aýeroportunda gonandan soň tussag edildi.

Ol, dört sagada çeken gapma-garşylykdan soň, beýleki 109 zamuny hem goýbermäge razy boldy.

Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri Hozlowy uçaryň üstünde, boşadylan ýolagçylar uçardan düşýän wagty tussag etdiler.

Türk polisiýasy barlaglaryň uçaryň üstünde hiç hili bombanyň bolmandygyny ýüze çykarandygyny aýtdy.

Hozlowyň Soçä uçar gaçyrmak synanyşygy rus guýçleriniň Gyşky Olimpiadanyň töwereginde howpsuzlyk ýagdaýyny berkiden wagtyna gabat geldi. Şeýle-de bu ýerde, Birleşen Ştatlaryň we NATO ýaranlarynyň teklip edişi ýaly, regional howpsuzlyk hem berkidildi.

Türkiýäniň harby resmileri Türkiýäniň iki sany «F-16» söweş uçarynyň, pilot we ekipaž öz hile-mekirligini dowam edýän wagtynda, ýolagçy uçaryny öz barmaly menziline çenli ugaradandygyny aýdýarlar.

Stambulyň häkimi Mutlynyň aýtmagyna görä, Hozlow uçar diňe Türkiýäniň iň uly şäherine, Stambulyň Sabina Gökçen howa meýdanyna gonandan soň, Orsýetiň Gara deňiz porty Soçä gelinmändigini bilip galypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG