Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soçide Putin bilen Ýanukowiç duşuşdy


Orsýetiň prezidenti W.Putin Soçide ukrain kärdeşi W.Ýanukowiç bilen duşuşdy.

Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow olaryň anna güni öýlän, Olimpiýanyň açylyş dabaralarynyň çäginde duşuşandygyny aýtdy.

Bu duşuşyk uly derejeli amerikan diplomaty Orsýetiň Ukrainadaky anti-hökümet jeňçilere ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasy tarapyndan tälim berildi diýen sözlerini ýalana çykarandan soň boldy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoria Nuland Waşingtonyň we halkara jemgyýetçiliginiň, eger liderler derhal demokratik reformalary durmuşa geçirmäge girişseler, has köp kömek bermäge hem taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG