Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda pida köpelýär


BMG geçen ýyl Owganystanda asuda ilatdan öldürilenleriň we ýaradar bolanlaryň 14 prosent köpelendigini aýtdy.

BMG-niň Owganystandaky Kömek missiýasy özüniň ýyllyk hasabatynda 2013-nji ýylda asuda ilatdan 8615 pidanyň hasaba alnandygyny, olaryň 2959-synyň öldürilendigini, 5656-synyň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdy. Bu 2012-nji ýyldaky pidalar bilen deňeşdirilende 14 prosent köp bolýar.

Şeýle-de BMG öldürilen we ýaralanan çagalaryň sanynyň geçen ýyldakydan 34 prosent köpelendigini aýdýar. Hasabatda ölüm-ýitimli hadysalaryň 74 prosentine pitneçileriň jogapkärdigi bellenilýär.

Owgan polisiýasy we goşuny pidalaryň 8 prosentine jogapkär bolsa, halkara güýçleri ol pidalaryň 3 prosentine jogapkär diýip, hasabatda aýdylýar.

Pidalaryň 10 prosenti üçin taraplaryň hiç birini aýratynlykda jogapkär hasaplap bolmaýar, 5 prosentiniň bolsa, haýsy tarapdan ejir çekendigi belli däl.
XS
SM
MD
LG