Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosnia: Protestler köşeşýär


Saraýewo we Bosnianyň beýleki şäherleri, zorluklaryň gaýtalanmak howpuna garamazdan, şenbe güni asuda hasaplanýar.

Saraýewoly ýangyn söndürijiler paýtagtyň kantonal hökümetiniň binalaryndaky ýangyny öçürmegi dowam etdirýär. Olar, prezident binasy bilen bilelikde, anna güni protestçiler tarapyndan oda berlipdi.

Polisiýa 144 ofiseriň we asuda ilatdan 20 adamyň ýaraly bolandygyny aýdýar. Paýtagt Saraýewoda we demirgazyk şäher Tuzlada üç gün ozal başlanan gozgalaňlar köşeşen ýaly görünýär.

Anna güni polisiýa bu şäherleriň ikisinde hem gaharly demonstrasiýaçylar bilen çaknyşdy. Saraýewoda polisiýa prezident binasyny we paýtagtyň hökümet edaralaryny oda beren protestçileri dargytmak üçin göz ýaşardyjy gaz we rezin gülleleri ulanmaly boldy.

Tuzlada demonstrasiýaçylar ýerli hökümet binasynyň içine döwüp girip, ony oda berdiler.

Bosniýa 3.8 million çemesi ilatly ýurt bolup, Ýewropanyň iň garyp ülkeleriniň biridir. Bu ýerde ilatyň 40 prosentden gowragy işsiz ýa-da ýeterlik işsiz hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG