Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Soçi: ilkinji altyny amerikan aldy


Soçide anna güni agşam dabara bilen açylan Gyşky Olimpia oýunlary şenbe güni irden başlandy.

2014-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny amerikan snowbordisti Seýj Kotsenburg aldy.

Ol şenbe güni olimpia programmasynda ilkinji gezek erkekler arasynda garda typmagyň sloup stili boýunça geçirilýän bäsleşikde ýeňiji boldy. Ikinji baýrak, kümüş medal norwegiýaly Stale Sandbeke berildi. Kanadaly Mark MakMorris bolsa, bürünç medaly aldy.

Orsýet 5000 metr aralyga erkekleriň arasynda buzda çalt typmak boýunça geçirilýän ýaryşa Iwan Skobrew, Denis Ýuskow, Aleksandr Rumýansew dagynyň bäsleşigi bilen başlaýar.

Skobrew 2010-njy ýylda bürünç medal utupdy, şenbe güni ol 31 ýaşynyň dolmagyny hem belleýär. Orsýet penşenbe güni bolan ýaryşdan soň, 19 ball alyp, bäsleşigiň bu görnüşinde birinji komanda boldy.
XS
SM
MD
LG