Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada baş prokuror öldürildi


Liwiýanyň Kaddafi režimi agdarylandan soň bellenen ilkinji baş prokurory näbelli adamlar tarapyndan atylyp öldürildi.

Liwiýanyň Adalat ministrligi Abdalaziz al-Hasadiniň şenbe güni, Bengaziden 250 km uzaklykda, dogduk obasy Dernadaky garyndaşlaryna barýarka atylyp öldürilendigini aýtdy.

Köpler tarapyndan yslamçy diýip tanalýan Hasadi Kaddafi režimi agdarylaly bäri bellenen ilkinji baş prokurordy. Ol bu wizipeden 2013-nji ýylyň martynda çekildi.

Liwiýada soňky döwürde janyna kast edilenleriň arasynda ýokary derejeli harbylar, sudýalar hem bar.

Liwiýanyň LANA habar gullugy şenbe güni Bengazide başga bir goşun ofiseriniň hem atylyp öldürilendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG