Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Azyk ýüki topa tutuldy


Şenbe güni Siriýanyň Noms şäherine, pitneçileriň kontrollugyndaky ýere azyk kömegini we medisina enjamlaryny alyp barýan iki ýük maşyny agyr topa tutuşlyk astynda yzyna öwrülmeli boldy, dört feldşer ýaralandy.

Siriýanyň resmileri bu hüjümde pitneçileri günäleýär, emma oppozisiýa aktiwistleri hökümet güýçleriniň minomýotdan ot açandygyny aýdýar.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi ýaralanan feldşerleriň Siriýanyň Arap Gyzylýarymaý jemgyýetine degişlidigini aýdýar.

Bu topar özleriniň şenbe güni irden, Homsa 250 sany azyk paketini we 190 paket medisina enjamyny alyp barýarkalar oka tutulandygyny aýtdy.

Bu hadysa Ženewada, halkara araçysy Lakdar Brahiminiň gatnaşmagynda üç günläp ok atmazlyk barada gelnen ylalaşygy puja çykardy.
XS
SM
MD
LG