Sepleriň elýeterliligi

Sahalin ybadathanasynda 2 adam öldürildi


Rus resmileri bir ýaragly erkegiň Sahalin adasynda bir ybadathanada iki sany adamy atyp öldürendigini, alty adamy bolsa ýaralandygyny aýdýarlar.

Bu waka ýekşenbe güni, dindarlaryň ybadathana ýygnanan wagtynda bolupdyr.

Federal derňew komiteti Ýužno-Sahalinsk şäherinde bolan hadysadan soň, güman edilýän hüjümçiniň tussag edilendigini aýtdy.

Bu hüjümiň sebäbi belli däl, hüjümçi Ýužno-Sahalinskde bir hususy howpsuzlyk kompaniýasynda işleýän eken.
XS
SM
MD
LG