Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pristina: rektor işden çekildi


Anna güni polisiýa bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşykdan soň, Pristina uniwersitetiniň rektory işden çekildi.

Protestçiler rektory we birnäçe professory ylmy derejelerini galplaşdyrmakda aýyplaýar. Ibrahim Gaşi şenbe güni işden çekilýändigini yglan etdi.

Ol Pristinada bolan soňky zorluklarda Kosowanyň oppozisiýadaky syýasy partiýalaryny günäledi. Gaşiniň bu wezipä bellenmegini Kosowanyň dolandyryjy koalisiýasy goldapdy.

Pristinada bir hepdeden hem uzaga çeken demonstrasiýalarda studentler onuň işden çekilmegini we metbugatda ylmy derejelerini ýokarlandyrmak üçin galplyga ýüz urmakda aýyplanan professorlaryň işden boşadylmagyny talap etdiler.

Gelýän günlerde has köp demonstrasiýanyň geçirilmegine garaşylýar, sebäbi guramaçylar Pristina uniwersitetiniň mugallymlarynyň ählisiniň ylmy derejeleriniň garaşsyz guramalar tarapyndan barlanmagyny talap edýärler.
XS
SM
MD
LG