Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk polisiýasy protestçileri dargytdy


Polisiýa Stambulda golaýda parlament tarapyndan tassyklanan täze internet kontrollugy kanunçylygyna garşy proteste çykan ýüzlerçe adamy dargytmak üçin suw toplaryny we göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Şenbe güni merkezi Taksim meýdançasyna toplanan protestçileriň käbiri polisiýany daşlasa, käbiri olara garşy feýerwerkleri zyňdy, ýene birleri bolsa täze girizilýän kanuna garşy şygarlara gygyrdy.

Halkara hukuk gözegçileri teklip edilýän we prezident tarapyndan gol çekilmeli kanun taslamasyny tankytlady.

Premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan bu düzgünleriň adamlaryň şahsy durmuşyna gatyşmak däldigini, internete hiç hili senzura girizilmeýändigini aýtdy we gaýta onuň howpsuz we has erkin boljagyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG