Sepleriň elýeterliligi

Kiýewde proteste çagyrylýar


Ukrainadaky hökümete garşy protestçiler, prezident Wiktor Ýanukowiç rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşip gelenden soň, ýekşenbe güni ýene bir köpçülikleýin ýygnanyşyga çagyrdylar.

Gurluşykçy işçi we protestçi Wasil Gonçar Kiýewde, Garaşsyzlyk meýdançasynda şu günki ýygnanyşygyň öňünden çykyş edip, şeýle diýdi:

"Biz bu ýerde parahatçylykly çykalga bolar öýtmeýäris. Bu ýüz prosent belli. Sebäbi banditler bilen ylalaşmak mümkin däl. Eger olar ýene bir gezek parlamente gelip, biz bir zada razy, ony ederis, muny ederis-beýleki diýseler, biz gideris we parlamente zabt ederis."

Ýanukowiç Putin bilen Soçidäki Gyşky Olimpia oýunlarynyň açylyş dabaralarynyň gapdalynda, ukrain oppozisiýasynyň konstitusiýa reformalary we irki saýlawlar baradaky basyşynyň güýçlenýän wagtynda duşuşdy.

Bu duşuşykda näme gürrüň edilendigini taraplaryň hiç birisi açyk aýtmady. Ýanukowiçiň sözçüsi bu duşuşygyň resmi ikitaraplaýyn gepleşik däldigini aýtmak bilen çäklendi.

Ýanukowiç Putin bilen Orsýetiň bermeli 15 milliard dollar halas ediş pulunyň ykbaly barada maslahat eder öýdülýärdi, bu serişdäniň berilmegi täze hökümet düzülýänçä togtadylypdy.
XS
SM
MD
LG