Sepleriň elýeterliligi

Soçi: Eýesiz itler ýygnalýar


Soçiden halas edilen itler

Soçiden halas edilen itler

Haýwanlaryň hukuklaryny goramak boýunça aktiwistler Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Soçide köçe itleriniň köpçülikleýin ýygnalýandygyny aýdýarlar.

Gulajygyny keýkerdip duran bir ýaşlyja itiň halyndan habar alsaň, onuň ýaňyja köçeden halas edilendigini çaklamak kyn. Onuň ady Marusiýa.

Marusiýany geçen aý Soçiniň otly menzilinden tutup, Moskwa getirdiler. Ol menzilde başy boş aýlanyp ýören ekeni. Häzir Marusiýa finlýandiýaly bir maşgala eýe çykdy.

Haýwanlaryň hukuklaryny goramak boýunça aktiwistler günorta Orsýetde eýesiz itlere eýe çykmak üçin tagalla baryny edýärler. Soçide geçirilýän Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň bosagasynda, hökümetiň görkezmesi esaslanda, bir firma eýesiz itleri ýygnamak bilen başagaý boldy.
Soçiniň golaýyndaky obada zibil dörýän itler, 21-nji fewral, 2013

Soçiniň golaýyndaky obada zibil dörýän itler, 21-nji fewral, 2013


Soçiniň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, köp it zalymlarça atyldy, uruldy ýa-da zäherlenip öldürildi.

Marusiýany halas eden Igor Eýrapetýan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşliginde şeýle diýdi:

“Ozallar Olimpiýa oýunlary parahatçylygyň nyşany bolardy. Olimpiýa oýunlarynyň dowamynda uruşlar togtadylardy. Ýöne Orsýetdäki halkara çäre ganyň hökmürowanlygynda guralýar.”

Eýrapetýan Marusiýany we Soçidäki başga-da 10 sany eýesiz iti halas etmek üçin Moskwadan geldi. Ol 1600 kilometrlik ýoly, 20 sagatlap, öz ulagynda sökmeli boldy.

Eýesiz itler baradaky çekişme

Soçidäki eýesiz itler baradaky jedeller, aslynda, üýtgeşik bir täzelik däl.

Şäher häkimligi geçen ýyl 2000 sany eýesiz iti ýok etmek üçin tender yglan edipdi.

Şol bildirişden soň ýerli häkimiýetler biraz yza tesdiler we itleri ýok etmegiň deregine, olara “ýatak” salyp, şol ýere ýerleşdirmegi kararlaşdyrdylar.

Eýesiz it Adlerdäki Olimpia parkynda dynç alýar. 5-nji fewral. 2014

Eýesiz it Adlerdäki Olimpia parkynda dynç alýar. 5-nji fewral. 2014

Ýöne döwletiň salyp beren ilkinji “it ýatagy” örän giç, ýagny 2-nji fewralda açyldy. Onuň şertleriniň oňat däldigi aýdylýar we oňa bary-ýogy 100 sany itiň sygjakdygy gürrüň edilýär.

Aktiwist Maria Sutyrina döwletiň gurup beren it ýatagynda şertleriň gowy däldigini we eýesiz itleriň poslan kapasalarda birnäçe sagatlap aç-suwsyz saklanýandygyny aýdýar. Şeýle-de Sutryina ol ýeriň işgärleriniň getirlen itlere sanjym etmäge sowuk- sala garaýandygyny aýdýar.

Aktiwistler Olimpiýa oýunlary üçin milliardlarça pul serişdesini sarp eden hökümetiň eýesiz itleri ýygnamak işini meýletinçilere tabşyrmagyndan şikaýat edýärler.

Soçide haýyr-sahawat guramalary tarapyndan bina edilen “it ýataklary” bar, ýöne olar gaty azlyk edýär.

Sportçylar üçin bina edilen Olimpiýa obalarynda, sport meýdançalarynda häzirem itleri görmek bolýar.

Žurnalistler hem öz ýaşaýan otelleriniň girelgelerinde entäp ýören itleri görendiklerini aýdýarlar.

"1000-e golaý it öldürildi"

Aktiwistler oktýabr aýyndan bäri 1000-e golaý itiň, şäheri arassalamak maksady bilen, atylyp öldürlendigini nygtaýarlar.

Ýerli meýletinçileriň aýtmaklaryna görä, şol haýwanlaryň köpüsi öýi ýykylan soçilileriňki ekeni. Olaryň ýaşaýyş jaýlarynyň ýerinden sport meýdanlary gurlup, oňa derek ýerlilere kiçi göwrümli jaýlar berlipdir we ol ýerlerde öýdeçi haýwanlary saklamaga mümkinçiligiň ýokdugy aýdylýar.

Häkimiýetler bu aýdylýanlary kes-kelläm inkär etseler-de, soňky hepdäniň dowamynda eýesiz haýwanlaryň ýygnalmagy güýçlendirildi. Bu ýagdaý Orsýetiň içinde we daşynda haýwan hukuklaryny goramak bilen meşgullanýan toparlaryň herekete geçmegine getirdi.

“Haýwanlaryň maddy üpjünçiligi boýunça halkara fondy” Orsýetdäki ýagdaýy “elhençlik” diýip häsiýetlendirdi we Orsýetiň resmilerini tankyt etdi.

Agzalýan topar 4-nji fewral güni ýaýradan beýanatynda şeýle diýýär:

“Soçidäki eýesiz itleri ýok etmek örän ýalňyş hereket. Bu ýagdaý täsirsiz hem-de adamçylyga sygmaýar. Şeýle-de bu ýagdaý Soçide geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň “Tebigat bilen sazlaşykly” däldigini görkezýär.”

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Human Society International” guramasy 3-nji fewralda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini gürrüňi edilýän zulum hereketini togtatmaga çagyrdy.

Prezident Putin öz itleri bilen oýnaýar. 24-nji mart, 2013.

Prezident Putin öz itleri bilen oýnaýar. 24-nji mart, 2013.

Putin hem birnäçe gezek öz gara, Labrador atly iti bilen köpçüligiň öňüne çykypdy.

Soçide eýesiz itleri ýygnamakdan jogapkär kompaniýa özleriniň itleri öldürmeýändigini, muňa derek öz salan “it ýataklaryna” ýerleşdirýändiklerini, şeýle-de diňe köçede ölen itleri ýygnap ýok edýändiklerini aýdyp çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG